img

Biziň önümlerimiz

Chandler

Gyşky doňaklygy giç bolýanlygy sebäpli ýazky doňaklara täsirsizdir. Miwe ulylygy 13 gramdyr, içki miwesiniň göwrümi % 49-52 töweregidir. Bol miweli görnüşdir we gabygy yukadyr.

Territoriýada sentýabr aýynyň ahyrynda hasyl berjegi çaklanyldy.

Umuman 17.289 sany ekiljek görnüş bolup, tutýan meýdany bolsa 71.67 gektarlyk göwrüme eýedir. Doly hasyl berende (ekilenden 7-8 ýyl soňra) 465 tonna töweregi ýaşyl gabykly miwä garaşylýar.


Franquetta

Fransuz asylly bir görnüşdir. Ähll görnüşler üçin tozanlaşdyryjy hökmünde ulanylýandyr. Agaç sütünleri berk we dik ösýändir. Miwäniň agyrlygy 10-12 gramdyr, içki göwrümi % 46-47 töweregidir.

Umuman 4020 sany ekiljek görnüş bolup, tutýan meýdany bolsa 16.67 gektarlykgöwrüme eýedir. Doly hasyl berende (ekilenden 7-8 ýyl soňra) 100 tonna töweregi ýaşyl gabykly miwä garaşylýar.


Howard

Kaliforniýa Universitesi tarapyndan ösdürilip ýetişdirilendir. Agajyň sütüni berkdir we gysga aralykly ekilip bilner. Gyşky doňaklygy giç bolýanlygy sebäpli ýazky doňaklara täsirsizdir. Miwesiniň ulylygy 12-13 gram, içki miwesiniň göwrümi % 50 töweregidir. Çhandlerden 10-15 gün öň hasyl berýär. Territoriýada sentýabr aýynyň başlarynda hasyl berjegi çaklanyldy.

Umuman 9.576 sany ekiljek görnüş bolup, tutýan meýdany bolsa 39.7 gektarlyk göwrüme eýedir. Doly hasyl berende (ekilenden 7-8 ýyl soňra) 240 tonna töweregi ýaşyl gabykly miwä garaşylýar.


Lara

Fransuz asylly bir görnüşdir. Gapdallaýyn şahalanyşy örän ösendir. Belent ýerlerde ýetişdirilmegi amatlydyr. Gury gabygynyň agramy 13 gramdyr, gabyksyz miwäniň agramy 6-7 gramdyr. Içki miwe göwrümi % 45-50 dyr. Garşylyklaýyn tozanlaşdyryjylary fernette we franquette hoz görnüşleridir.

Umuman 6.384 sany ekiljek görnüş bolup, tutýan meýdany bolsa 26.47 gektarlyk göwrüme eýedir. Doly hasyl berende (ekilenden 7-8 ýyl soňra) 160 tonna töweregi ýaşyl gabykly miwä garaşylýar.